Türkmen wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde 14-15 sentýabr aralygynda geçirilýän Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” maksatnamasy boýunça ikinji sebit konferensiýasyna gatnaşýar. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşýan wekili habar berýär.
Konferensiýa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem Bütindünýä bankynyň, Pandemiýa gaznasynyň we PREZODE halkara başlangyjynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Çäräniň açylyşynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ulan Matmatkanow, Gyrgyz Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Damirbek Osmonow, Bütindünýä bankynyň sebit direktory Nadji Benhasin, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedow hem-de Bütindünýä bankynyň Gyrgyzystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Hýu Riddell çykyş etdiler.

Konferensiýanyň dowamynda Türkmenistanyň milli utgaşdyryjysy Allanazar Kajarow, Gazagystanyň milli utgaşdyryjysy Manar Smagul, Täjigistanyň milli utgaşdyryjysy Saýid Dawlotzoda we Özbegistanyň milli utgaşdyryjysy Rustamjon Ikramow “Bitewi saglyk” maksatnamasynyň öz ýurtlarynda durmuşa geçirilişi barada maglumat berdiler.
“Bitewi saglyk” sebit maksatnamasy haýwanlardan adamlara geçýän kesellere garşy bilelikde göreşmäge we sebitde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bütindünýä bankynyň goldawyndaky bu maksatnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenip, onuň umumy maliýe möçberi 130 million ABŞ dollaryna barabardyr.
“Bitewi saglyk” maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi üç tapgyrdan ybarat bolup, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) ýurtlaryň arasyndaky işleri utgaşdyrýar.

















