Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirip, “Arkadag” futbol toparynyň türgenleşik geçýän we halkara derejeli bäsleşikleri guraýan stadionynyň häzirki ýagdaýynyň talabalaýyk däldigini aýdyp, onuň derejesine nägilelik bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow stadiona ýokary derejede ideg edilmese, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini aýtdy.
Geçirilen maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa gatnaşdy. Onda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Derýageldi Orazow Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, desgalary ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýdyp, durmuş maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna döwrüň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyklykda çemeleşilmelidigini nygtady.
Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe maşgalany Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryna göçürmek meýilleşdirilýändigi hem bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň we kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.

















