Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň we medresäniň gurluşygy bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki metjidiň we medresäniň gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylýan metjidiň we onuň ýanynda gurulýan medresäniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyndaky işler bilen tanyşyp, ulanylýan bezeg we gurluşyk serişdeleriniň berkligine, amatlylygyna we ýokary hil talaplaryna laýyk gelmegine üns berdi. Şeýle hem gurluşyk işleriniň her bir tapgyrynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň ýanynda gurulýan medresäniň okuw otaglarynyň, olaryň enjamlaşdyrylyşynyň we ýaşlaryň bilim almagy üçin dörediljek şertleriň şekil taslamalary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow medresede talyplaryň bilim almagy, dynç almagy we ýaşamagy üçin zerur şertleriň dörediljekdigi barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek, ony halkara görkezijilere laýyk derejede alyp barmak ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022