Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Songýungwan uniwersitetine bardy. Uniwersitetiň uly maslahatlar zalynda geçirilen dabarada Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi barada karar yglan edildi we degişli diplom gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Uniwersitetiň ýolbaşçysy Ýu Ji Bom bu derejäniň Türkmenistanyň döwlet ösüşine ýolbaşçylyk etmek, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, Bitarap daşary syýasaty alyp barmak we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerini ykrar etmek maksady bilen berlendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly doktory derejesiniň berlendigi üçin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu akademiki derejäni Türkmenistana goýulýan hormatyň we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany eden çykyşynda Songýungwan uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň alyş-çalşygyny ýola goýmagyň, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny ösdürmegiň möhümdigini, şeýle-de emeli aň, inženerçilik, energetika, sanly tehnologiýalar we senagat menejmenti boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny belledi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany uniwersitetde Türkmenistanyň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda gazanan üstünliklerine, şeýle hem amaly-haşam sungatyna bagyşlanan sergi bilen hem tanyşdy. Sergide türkmen el halylary we kümüşden ýasalan şaý-sepler görkezildi.

















