Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

BT
Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry, Seul, Koreýa (Surat: “Yonhap” habarlar agentligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Çhonwade” köşgünde resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Dabaradan soňra iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirilip, soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Duşuşykda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýum, söwda, energetika, senagat, himiýa senagaty, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak we ekologiýa ýaly ugurlarda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Mundan başga-da, gepleşiklerde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag we logistika üpjünçiligi ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň koreý kompaniýalarynyň degişli taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Taraplar ylym-bilim, medeniýet we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Prezident Li Çže Mýony geljek ýyl Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary ileri tutulýan ugurlar boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen derejesi berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС