Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlagynda Prezident Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.
Meksikanyň garaşsyzlygy ugrunda göreş 1810-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda başlanyp, 1821-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda tamamlandy.
Meksikada Garaşsyzlyk güni her ýylyň 16-njy sentýabrynda bellenilýär.

















