Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Premýer-ministri hanym Han Son Suk bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Duşuşykda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar ykdysady, tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, häzirki döwlet saparyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyry hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň diňe bir ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlar bolman, eýsem, möhüm tehnologik we innowasion hyzmatdaşlardygyny hem belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Son Suky özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çžon Sik bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar we iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegine bagyşlanan ýokary derejeli türkmen-koreý işewürlik forumy hem geçirildi.

















