Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýanyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine baryp, ýurduň milli gahrymanlaryny hatyralady we ýadygärlige gül desselerini goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Ýadygärlikde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Milli gahrymanlary hatyralamak dabarasy tamamlanandan soň, Serdar Berdimuhamedow koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyşany hökmünde agaç bölejiklerini içi közli ýörite gutynyň içine atdy.
Bu däp türkmen we koreý halklarynyň geljek nesilleriň abadançylygy üçin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak däpleriniň dowam etdirilýändigini görkezdi.
Dabara tamamlanandan soň, Döwlet Baştutany Koreýanyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligindäki Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

















