Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum taslamalarynyň bahasy $12 milliarddan geçdi

BT
Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum taslamalarynyň bahasy $12 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň baýdaklary

Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Seul şäherinde geçirilen türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisinde aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutany koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemekde uly tejribe toplandygyny belläp, “LX International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd.” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawodyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşyklary amala aşyrylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, “SK Networks” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak we konsultatiw hyzmatlary etmek boýunça işler geçirilýändigini hem belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.”, “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.”, “Korea Meditech Co., Ltd.” we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şeýle hem gepleşikleri geçirilýän geljekki taslamalaryň ýakyn wagtda durmuşa geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistan nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem mejlisde ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň Merkezi Aziýany Hazar sebiti we beýleki ugurlar bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyny goldamaga taýýardyr.

Mundan başga-da, mejlisde himiýa senagatynda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Hususan-da, mineral dökünleri, nebit-himiýa önümlerini we beýleki senagat önümleriniň görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamlaryny hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde belläp, häzirki wagtda koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde döwrebap lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolup, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022