Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdi

BT
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekdi
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň Seul şäherindäki gepleşikleriniň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda maýa goýum, senagat, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa, hukuk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyklary we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk, şeýle hem gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk bar.

Şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we serişdeler ministrliginiň arasynda himiýa senagatynda we senagat gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, suw serişdelerini dolandyrmak, intellektual eýeçilik, hukuk we ýustisiýa, infrastruktura, demir ýol ulaglary, tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugurlarynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi.

Resminamalaryň aýratyn toplumy Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, bilim edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem koreý kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy.

Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen “YUHANTECH CO., LTD” kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat ulgamynda innowasiýalar we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Hyundai Corporation kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen LS Cable & System kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, gol çekilen reminamalaryň hatarynda gämi gurluşygy, awiasiýa, ylym, bilim, akademiki alyşmalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Günorta Koreýa” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Seul şäherine geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022