Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde 16-njy sentýabrda Seul şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" ilkinji sammitine gatnaşdy. Bu barada "Watan" döwlet telewideniýesi habar berýär.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň bu formatda ilkinji gezek bir ýere jemlenýändigini belledi. Şeýle hem ol sammitiň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda sammitiň geçirilmegi we döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýýandygyny belledi. Şeýle hem ol parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara ynanyşmagyň durnukly ösüş üçin möhüm şertlerdigini aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň şäher ösüşi we döwrebap infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görýändigini aýdyp, "akylly" şäherleriň diplomatiýasy başlangyjyna ünsi çekdi. Şeýle hem ol senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw serişdeleri, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki diplomly okuw maksatnamalaryny ösdürmek, ýaşlaryň sanly bilimlerini ýokarlandyrmak, bilelikdäki olimpiadalary we ylmy-barlag taslamalaryny geçirmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Medeniýet we sport ugurlarynda bolsa ýaşlaryň arasynda medeniýetara alyş-çalyşlary, festiwallary, döredijilik bäsleşiklerini we sport çärelerini ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Sammitiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini Koreýanyň tehnologiýalary arkaly gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleri bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek, emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, "ýaşyl" tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň jemleri boýunça "Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy" ilkinji sammitiniň Seul jarnamasy kabul edildi.

















