Aşgabatda 2026-njy ýylyň 15–16-njy sentýabr aralygynda emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, kiberhowpsuzlygyň we häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegine bagyşlanan “C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma” atly seminar geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Seminaryň dowamynda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, sanly infrastrukturanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle hem möhüm maglumat infrastrukturasyny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da emeli aňy ösdürmek, hemra aragatnaşygy we spektri dolandyrmak, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri döretmek we olaryň işini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem sanly tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy we taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Seminaryň jemleri boýunça gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar we sanlylaşdyrma hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň howpsuz ösdürilmegi babatda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garadylar.

















