Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda Kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar 2026-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gullukdan boşadylar. Şol döwürde çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gullukdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýatlar, şeýle hem onuň möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren we ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlar harby gulluga çagyrylar.
Permany ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga hem gol çekdi.
Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, şeýle hem söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan harby gullukçylary höweslendirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany resmi çap edilen gününden güýje girýär.

















