Türkmenistanyň maýa goýum forumyna 200-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy gatnaşar

BT
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna 200-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy gatnaşar
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2025), (Surat: www.tif-turkmenistan.com)

Aşgabatda 1–2-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF 2026) 40 ýurtdan “Mitsubishi Corporation”, “Samsung C&T, John Deere”, “TotalEnergies” we beýleki iri halkara kompaniýalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Bu barada forumyň guramaçysy “Turkmencongress” habar berýär.

Forumda Ýaponiýanyň işewür toparlaryna “Mitsubishi Corporation”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “ITOCHU”, “Sumitomo Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries” we “Mizuho” banky wekilçilik eder. Koreýa Respublikasyna “Samsung C&T” we “Daewoo Engineering”, Germaniýa bolsa “John Deere”, “CLAAS”, “WIRTGEN Group” we “Siemens Energy” ýaly kompaniýalar wekilçilik eder.

Mundan başga-da foruma “Damen Shipyards”, “TotalEnergies”, “Dragon Oil”, “ADNOC” we “Toyota Central Asia” hem gatnaşar. Maliýe pudagyna “Oppenheimer & Co” we “Moody's”, hukuk ugruna “Fieldfisher”, tehnologiýa ugruna bolsa “Canaan” we “Bitdeer” kompaniýalary wekilçilik eder. Foruma gatnaşjak halkara maliýe guramalarynyň hatarynda bolsa Bütindünýä banky, Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky (ÝTÖB), Yslam Ösüş banky we Hytaýyň Eksport-import banky bar.

Şeýle hem bu forumda aýry-aýry kompaniýalar pudaklaýyn ugurlar boýunça çykyş ederler. Oba hojalyk pudagynda “John Deere”, “CLAAS” we “Jiangsu World”, gurluşyk pudagynda “Samsung C&T”, “WIRTGEN Group”, “Gap İnşaat” we “Rönesans”, nebitgaz pudagynda bolsa “Siemens Energy”, “Mitsubishi Heavy Industries” we “Tatneft” kompaniýalary çykyş eder. Mundan başga-da, forumda logistika ugruna “Damen Shipyards”, “TAV Technologies” we “Betamont”, eksport ugruna bolsa Türkiýäniň “Karavan”, Hytaý–ŞHG-niň “AEEX”, Tatarystan Söwda öýi we ABŞ-nyň TABCA söwda platformalary wekilçilik eder.

Forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda “Hazar Gurluşyk”, “Türkmen Enjam”, “Aýdyň Gijeler”, “Beýik Ýüpek Ýoly”, “Watan Rowaçlygy”, “Dowa”, “Ak Harman”, “Ýedi-Ýer”, “Döwlet Gurluşyk”, “Nexia Turkmenistan” we “Hukukçy” ýaly türkmen kompaniýalary hem bar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, forumyň gatnaşyjylary duşuşyklary özbaşdak belläp bilerler we hasaba alnan her bir wekile “Attendee Hub” şahsy otagyna we “TIF 2026” ykjam goşundysyna giriş mümkinçiligi berilýär. Goşundyda gatnaşyjylaryň sanawy we olaryň işiniň ugurlary baradaky maglumatlar ýerleşdirilýär. Şeýle hem wekiller duşuşyk geçirmek isleýän kompaniýasyny saýlap, onuň bilen duşuşmak barada goşundy arkaly haýyş iberip bilerler, duşuşygyň wagtyny we ýerini bolsa taraplar öz aralarynda ylalaşýarlar.

Forumyň işewürlik maksatnamasy nebitgaz we himiýa senagatyna, energetika we gurluşyga, ulag we logistika, söwda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, oba hojalyk işewürligine, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyga, wirtual aktiwlere, şeýle hem innowasiýalara we “ýaşyl” özgertmelere bagyşlanan sekiz mowzuklaýyn sessiýany öz içine alýar.

Forum barada giňişleýin maglumat onuň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi: www.tif-turkmenistan.com.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022