Seýrek guş jennet uzynguýruk siňekçisi Serhetabatda gaýtadan duş geldi

BT
Seýrek guş jennet uzynguýruk siňekçisi Serhetabatda gaýtadan duş geldi
Seýrek duşýan guş jennet uzynguýruk siňekçisi (Surat: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi)

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek guşlaryň biri bolan jennet uzynguýruk siňekçisi 2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň golaýynda gaýtadan hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Gözegçilik wagtynda guş gür bagly dik guýynyň golaýynda hasaba alyndy. Bar bolan maglumatlara görä, jennet uzynguýruk siňekçisi Serhetabat şäheriniň töwereginde mundan ozal 1961-nji we 1964-nji ýyllaryň maý aýynda duş gelipdir. Şondan soň onuň bu sebitde ýene-de hasaba alynmagy ylmy taýdan gyzyklanma döredýär.

Jennet uzynguýruk siňekçisiniň göwresi serçeden biraz ulurak bolup, guýrugy uzyn we hüpügi aýdyň görünýär. Kellesi we bokurdagy metal öwüşginli garamtyl gök, arkasy we guýrugy bolsa ýiti çypar reňkde bolýar. Ganatlary goýy çal, bedeniniň aşaky bölegi bolsa çal reňkli. Aýaklary mawumtyl çal, gözleriniň töweregindäki ýalaňaç halkasy gögümtil reňkde bolýar.

Bu guş maý aýynda Türkmenistana uçup gelýär we awgust aýynyň ortalaryndan sentýabr aýynyň ortalaryna çenli gyşlamak üçin uçup gidýär. Ol Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýanyň birnäçe sebitlerinde, Demirgazyk-Gündogar Hytaýda, Koreýa ýarym adasynda, Gündogar Primorýede, Hindistanda, Pakistanda we Günorta Owganystanda gyşlaýar.

Tebigatyň täsiri bilen uçuş ugruny üýtgedýän guşuň garaşylmadyk ýerlerde duş gelmegi onuň täze ýaýraýyş ýerlerini öwrenmek üçin mümkinçilik döredýär. Şeýle ýerleriň ýüze çykarylmagy we gorag astyna alynmagy bu seýrek guşuň tebigatdaky sanynyň artmagyna ýardam edip biler.

Türkmenistanda guşlaryň 410 görnüşi bolup, olaryň 39 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Jennet uzynguýruk siňekçisi ýurdumyzda esasan Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň suwly dereleriniň töwereginde duş gelýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС