“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Aşgabat—Kazan ugry boýunça üç sany goşmaça gatnawy girizdi. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
24-nji oktýabra çenli hereket edýän tertibe görä, bu ugur boýunça yzygiderli amala aşyrylýan gatnawlardan başga-da, kompaniýa penşenbe günleri T5-731, anna günleri T5-741 we ýekşenbe günleri T5-745 belgili goşmaça gatnawlary ýerine ýetirer.
Kazan—Aşgabat ugry boýunça hem 30.09.2026-a çenli yzygiderli amala aşyrylýan gatnawlardan başga-da, penşenbe günleri T5-732, anna günleri T5-742 we duşenbe günleri T5-746 belgili goşmaça gatnawlar girizildi.
Mundan başga-da, Aşgabat—Deli ugry boýunça 26.09.2026 çenli şenbe güni T5-535, Deli—Aşgabat ugry boýunça bolsa şenbe güni T5-536 belgili goşmaça gatnaw amala aşyrylar.

















