Moskwa şäherinde türkmen-rus hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçiriler

BT
Moskwa şäherinde türkmen-rus hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçiriler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, mejlisde iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, maliýe-bank, gümrük we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry we işewür toparlaryň hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler boýunça pikir alşylar. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini we ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şeýle hem ol hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady we Wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС