Türkmenistanyň “Mert Ýigit” hususy kärhanasy bilen Günorta Koreýanyň “ONU H&C Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň birnäçe ugruny öz içine alýan Ähtnama gol çekildi. Resminama 15-nji sentýabrda Seul şäherindäki “The Grand Lotte Hotel” myhmanhanasynda geçirilen dabarada gol çekildi. Bu barada “Mert Ýigit” hususy kärhanasynyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
“Mert Ýigit” hususy kärhanasy bilen “ONU H&C Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnamada nebit-gaz we gaz-himiýa senagaty, aragatnaşyk, emeli aň, demir ýol we awtomobil ulaglary, energetika, saglygy goraýyş hem-de gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 14–16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi. Forumyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerine, şol sanda “Mert Ýigit” hususy kärhanasyna hem Günorta Koreýanyň kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, öz iş ugurlaryny tanyşdyrmaga we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmak we telekeçileriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin mümkinçilikler giňeldildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen bu ugurdaky işler dowam etdirilýär. “Mert Ýigit” hususy kärhanasynyň koreý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekmegi hem bu mümkinçilikleriň iş ýüzündäki netijeleriniň biridir.
Aşgabatda ýerleşýän, Begenç Atabaýewiň ýolbaşçylygyndaky “Mert Ýigit” hususy kärhanasy gurluşyk pudagynda iş alyp barýar. Kärhana öz işinde gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak bilen bir hatarda, pudaklaýyn tejribesini ösdürmäge we işewür hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga üns berýär. Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen geçirilen duşuşyklar hem kärhananyň işjeňligini halkara derejesinde tanyşdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleriň birine öwrüldi.
“Mert Ýigit” hususy kärhanasy bilen habarlaşmak üçin:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Gurtly ýaşaýyş toplumy, 52-nji jaý
Telefon: +993 61 200029
Elektron salgysy: mertyigit2025@gmail.com

















