Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Hazarüsti ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi

BT
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Hazarüsti ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) howandarlygynda Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa birikdirjek sebitara ulag geçelgesini döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew 28-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Wepa Hajiýewiň aýtmagyna görä, bu geçelgäniň döredilmegi ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder. Bu başlangyç Türkmenistanyň durnukly, howpsuz we ähli ýurtlar üçin elýeterli ulag ulgamlaryny ösdürmek hem-de BMG-niň 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag onýyllygyny durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde öňe sürüldi.

Şeýle hem Türkmenistan onýyllygyň çäklerinde durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny döretmek boýunça işlerini dowam etdirer. Bu atlas ulag ulgamynyň ösüşine baha bermäge, infrastruktura ýetmezçiliklerini ýüze çykarmaga we halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin 2024-2034-nji ýyllara niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermegi, şol sanda ulag we energetika arabaglanyşygyna aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan öz çäginde BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistika we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Halkara merkezini döretmegi teklip etdi. Wepa Hajiýewiň aýtmagyna görä, bu merkez söwda-logistika amallaryny sazlaşdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, üstaşyr geçelgeleri sanlylaşdyrmak we ösýän ýurtlaryň dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmek üçin amaly meýdança bolup biler. Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar toparynyň başlygy wezipesine saýlandy.

2022