Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, şeýle hem bar bolan giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini goldaýandygyny belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Germaniýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini, bu gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany türkmen-german gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň we halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Gutlag hatynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýere we Fridrih Merse berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

















