Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BT
Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy, 2025-njy ýylyň 9-njy oktýabry, Duşenbe, Täjigistan (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany öz gutlag hatynda “Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasy öz halkara abraýyny ynamly pugtalandyrýar, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu işlerde Siziň baý döwlet tejribäňiz, parasatly ýolbaşçylygyňyz, şeýle hem täjik halkynyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryňyz aýratyn ähmiýete eýedir” diýip belleýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýlan, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berip, birek-birege ynamyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС