Wladimir Putin GDA sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

BT
Wladimir Putin GDA sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelmegi, 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabry. (Surat: kremlin.ru)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu hepde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geler. Bu barada "Rossiya 1" teleýaýlymynyň "Moskwa. Kreml. Putin" gepleşiginiň maksatnamasynda habar berilýär.

Şeýle hem Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa 30-njy sentýabrda habar berdi.

Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, daşary işler ministrleri GDA-nyň şu ýylky işiniň deslapky netijelerini jemlärler. Şeýle hem guramanyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar, hususan-da 2026-njy ýylda GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bilen bagly meselelere aýratyn üns bererler. 

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. 7-nji oktýabrda bolsa şol ýerde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022