“Masdar City”-niň wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek “CIET 2026” sergisine gatnaşar

BT
“Masdar City”-niň wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek “CIET 2026” sergisine gatnaşar
Masdar City, Abu-Dabi, BAE (Photo: TEF)

Abu-Dabiniň Masdar şäheriniň wekiliýeti 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşar. Bu barada serginiň bilelikdäki guramaçysy TEF habar berýär.

Habara bellenilişi ýaly, häzirki wagtda CIET 2026-a 200-den gowrak halkara wekilleriň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Çärä döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maýadarlaryň we tehnologiýa üpjün edijileriniň wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika we infrastruktura ugurlaryndaky taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar.

“Masdar City”-niň wekilleri durnukly şäher ösüşi, toplumlaýyn şäher meýilnamalaşdyryş, gurluşykda energiýa tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalar boýunça tejribelerini paýlaşarlar. Bu ugurlar gurluşyk we infrastruktura pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga goşant goşar.

Wekiliýet şeýle hem, saparyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy sapak geçirmek hem-de Arkadag şäherine baryp görmegi meýilleşdirilýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu çäreler daşary ýurtly hünärmenler, mugallymlar we Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmaga uly mümkinçilik bolar.

“Masdar City” Abu-Dabide durnukly şäher ösüşine, işe we tehnologik innowasiýalara gönükdirilen merkez bolup, onuň gurluşy serişdeleri tygşytlaýan binagärligi, gaýtadan dikeldilýän energiýany we döwrebap şäher gurşawy üçin çözgütleri özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022