Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Arkadagyň ruhy metjidiniň we medresäniň gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda Hatyra gününiň hormatyna öten-geçenleri ýatlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň dowamyda 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidini we onuň ugurdaş desgalaryna, şol sanda 1500 orunlyk sadaka jaýyna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde bina edilýän medresä bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, medresede din ugrundan bilim aljak ýaşlaryň berilýän sapaklary degişli derejede özleşdirmeklerinde zerur hasaplanylýan mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra gününiň geçirilýändigini aýdyp, öten-geçenleri ýatlap, şeýle hem ýurt abadançylygynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegleriň edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
“Arkadagyň ruhy metjidiniň” baş ymamy öten-geçenleriň ruhunyň şat, ýurduň abadançylygynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň bolmagyny, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşygy barada maglumat berildi.
Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda giňden bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi we şunuň bilen baglylykda, täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak, şanly senäni giň gerim bilen dabaralandyrmak, saglyk merkezlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, keselleri anyklamak ugrunda zerur tagallalar edilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hususan-da täze şäheriň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.















