Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda, 2025-nji ýylyň 6-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni 1948-nji ýylyň ýertitremesiniň pidalarynyň hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hormatyna Aşgabatda gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşigi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanlylaryň hormatyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine hem gül çemenlerini goýdy.

Soňra Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, talyplar, Aşgabadyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Hatyra çäreleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde hem geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022