Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwienko bilen duşuşdy

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwienko bilen duşuşdy
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwienkonyň ýolbaşçylygyndaky Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary (Surat: Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwienko bilen duşuşdy. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berdi.

Şu günlerde Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara çäreleriň tapgyry geçirilýär. Olaryň netijesi GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, çäreleriň maksatnamasy 7-nji oktýabrda "Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşi gazanmakda zenanlaryň orny" atly Halkara zenanlar dialogy bilen başlanyp, oňa Matwienko hem gatnaşar. Şeýle hem ol GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy we Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda geçirilýän "Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşaw we durnukly ösüş maksatlary" atly maslahata gatnaşyp çykyş eder.

Şeýle hem Matwienkonyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gülmanowa bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.

Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň düzüminde palatanyň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko, Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiň başlygy Liliýa Gumerowa we Halkara işler baradaky komitetiň birinji orunbasary Wladimir Jabarow bar.

2022