Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Kristina Kormilitsyna, "Rossiýa Segodnya" halkara habarlar agentligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany “Biz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge Siziň berýän ünsüňize, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygymyzyň yzygiderli giňeldilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris” diýip nygtady hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putine berk jan saglyk, bagt we döwlet işlerinde üstünlikler, Russiýa Federasiýasynyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Wladimir Putin 7-nji oktýabrda doglup, bu ýyl Russiýanyň Prezidentiniň 74 ýaşy dolýar.

2022
ENG TM РУС