Awazada Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady

BT
Awazada Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogyna gatnaşyjylar. (Surat: Türkmenistanyň Mejlisi)

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çarşenbe güni “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Dialog Birleşen Milletler Guramasynyň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” maksatnamasyna, zenanlaryň öňüni alyş diplomatiýasynda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmekdäki ornuna bagyşlanýar. Oňa gatnaşyjylar döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde we parahatçylyk döredijilik işlerinde deň mümkinçilikleri üpjün edýän hukuk mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Halkara zenanlar dialogy kanun çykaryjy edaralaryň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekillerini hem-de bilermenleri bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gülmanowa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwienko, Türkiýäniň Maşgala we durmuş hyzmatlary ministriniň orunbasary Sewim Saýym Madak, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maşgala we zenanlar komitetiniň başlygy Dilnozahon Kattahanowa, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Bilim, ylym, medeniýet we durmuş ösüşi boýunça hemişelik komissiýasynyň başlygy Natalýa Pawlýuçenko, Gazagystanyň Saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa we Eýranyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd, şeýle hem BMG-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri çykyş etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň gatnaşyjylarynyň jemleýji teklipleri we pikirleri zenanlaryň hukuk taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, olaryň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge we durnukly parahatçylyk başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022