“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji oktýabrda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat öz işine başlady. Halkara çäre saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we lukmançylyk ylmynyň hem-de tejribesiniň täze gazananlary boýunça tejribe alyşmak meselelerine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Ählumumy saglyga goraýyşa bagyşlanan maslahat umumy mejlis we mowzuklaýyn mejlislerde dowam edýär. Plenar mejlisde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow giriş sözi bilen çykyş edip, maslahaty alyp bardy. Şeýle hem plenar mejlisde Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, BSGG-nyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Korinn Kapuano, GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilow we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa öz çykyşynda Türkmenistanda adam we onuň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp, ýurtda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Plenar mejlisiň dowamynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk edaralarynyň gurlup ulanmaga berilýändigi bellenildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak, telelukmançylygy we emeli aňy ornaşdyrmak, eneligi we çagalygy goramagyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ýaly wezipelere üns çekildi.
Mundan başga-da Türkmenistanyň saglygy goraýyş syýasatynyň çäklerinde BMG, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň” lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ählumumy tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň we halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar häzirki zaman lukmançylygynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
“Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam edýär.











