Türkmenistan bilen Eýran ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Eýran ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadegiň duşuşygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry. (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg duşuşyp, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ulag ulgamyny ösdürmäge, üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmäge we sebit ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem ministrler sebit we halkara ulag başlangyçlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Türkmenistanyň GDA-da başlyklygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dialogy dowam etdirmäge gyzyklanýanmalaryny tassykladylar.

2022