Türkmenistanda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

BT
Türkmenistanda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň dowamynda daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyga GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

Mejlise GDA-nyň agza döwletleriniň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy. Gatnaşyjylar dar düzümdäki duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri we GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Giňişleýin düzümde ministrler dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Hususan-da, olar GDA-nyň agza döwletleriniň “Arkalaşyk” atly Halkara kinofestiwaly baradaky düzgünnamanyň taslamasyny makulladylar. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2026-njy ýylyň dekabrynda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul ediler.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşi syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny, şeýle hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyny kabul etdi. Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň agzalary bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna hem gol çekdiler.

Daşary işler ministrleriniň geňeşi GDA-nyň çäklerinde 2027-nji ýyl üçin köp derejeli pudagara geňeşmeleriň meýilnamasyny tassyklady. Onda GDA döwletleriniň BMG-de garaýyşlaryny utgaşdyrmak we beýleki halkara guramalary bilen özara gatnaşyk etmek, şeýle hem daşary syýasy meýilleşdiriş we köptaraplaýyn ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň dowamynda lukmançylyk-biologik barlaglar, ýol hereketiniň howpsuzlygy, hünärmenleri taýýarlamak we serhet howpsuzlygy ugurlarynda iş alyp barýan birnäçe edaralaryň GDA-nyň esasy guramalary derejesine eýe bolmagy baradaky kararlar kabul edildi.

Daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamalaryny hem makulladylar. Olaryň hatarynda Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli beýannamanyň taslamasy, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, 2029-njy ýyly GDA-nyň Ulag arabaglanyşygy ýyly diýip yglan etmek we maglumat ulgamyndaky özara gatnaşyklar baradaky resminamalar bar.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisini 2027-nji ýylyň aprelinde Bişkekde geçirmek meýilleşdirilýär.

2022