Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyny açyk diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenbaşy şäherinde 8-nji oktýabrda öz işine başlan konsultatiw duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýarlar.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlaryny resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Soňra liderler bilelikde surata düşdüler we mejlisler zalyna geçdiler.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda sebitara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.















