Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa bilen söwda dolanyşygy 50 göterimden gowrak artdy

BT
Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa bilen söwda dolanyşygy 50 göterimden gowrak artdy
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynda çykyşy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry. (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy geçen ýylyň dowamynda 50 göterimden gowrak artdy. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynda aýtdy diýip, Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ilham Aliýew “Soňky ýyllarda Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ep-esli giňeldi” diýip nygtady. Onuň aýtmagyna görä, syýasy gatnaşyklar has hem pugtalandyrylyp, ýokary derejedäki özara saparlar yzygiderli häsiýete eýe boldy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilip, özara maýa goýumlar artýar we bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Prezident Ilham Aliýew häzirki wagtda Azerbaýjanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maýasy bilen döredilen 400-den gowrak kompaniýanyň işjeň işleýändigini habar berdi. Soňky ýyllarda Azerbaýjanyň Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen bilelikdäki, her biriniň maýasy ýüzlerçe million dollara barabar bolan maýa goýum gaznalary hem döredildi. Aliýew bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, täze önümçilikleri döretmek we senagat gatnaşyklaryny giňeltmek üçin bu gaznalaryň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ösmegine aýratyn ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çakylygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Fizulide metjidiň gurulýandygyny belläp, bu taslamany Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgadydygyny aýdyp, ony iki halkyň dostlugynyň hem-de ruhy ýakynlygynyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi.

Ilham Aliýew sebit ýurtlarynyň ulag hyzmatdaşlygynda Hazar deňziniň barha artýan ornuna aýratyn üns çekip, geçen ýyl Orta geçelge boýunça üstaşyr daşamalaryň möçberiniň 10 göterimden gowrak artandygyny, şu ýylyň ilkinji sekiz aýynda bolsa ýene-de 20 göterime golaý ýokarlanandygyny aýtdy.

2022
ENG TM РУС