Tokaýew Merkezi Aziýa–Azerbaýjan üçin sebit teleýaýlymyny döretmegi teklip etdi

BT
Tokaýew Merkezi Aziýa–Azerbaýjan üçin sebit teleýaýlymyny döretmegi teklip etdi
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň “Silk Way” teleýaýlymynyň binýadynda sebit teleýaýlymyny döretmegi teklip etdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Tokaýew sebit ýurtlaryny baý taryhy-medeni mirasyň birleşdirýändigini belläp, soňky ýyllarda medeniýetara gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigini, bilelikde birnäçe sergileriň, kinofestiwallaryň, forumlaryň we ýatlama çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Kasym-Žomart Tokaýew ýaşlaryň arasyndaky özara alyş-çalyşlary, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we ylmy ugurda hyzmatdaşlygy, şeýle hem döredijilik işgärleriniň dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegi teklip etdi.

Tokaýew özara gatnaşyklaryň çuňlaşmagy bilen bitewi umumy maglumat giňişliginiň kemala getirilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol “Silk Way” teleýaýlymynyň binýadynda sebit teleýaýlymyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Gazagystanyň Prezidenti sebit içindäki syýahatçylygyň artýandygyny hem belläp, onuň halklaryň arasynda özara gatnaşyklary giňeldýändigini we sebit ýurtlarynyň taryhy hem-de medeniýeti bilen tanyşmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol Merkezi Aziýa we Azerbaýjanda geçiriljek iri medeni, ylmy, sport we syýahatçylyk çäreleriniň umumy senenamasyny döretmegi teklip etdi.

Tokaýewiň sözlerine görä, şeýle senenama özara saparlary höweslendirmäge we utgaşdyrylan syýahatçylyk ugurlarynyň çäklerinde daşary ýurtly syýahatçylary çekmäge mümkinçilik berer.

2022
ENG TM РУС