Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan iş sapary bilen Türkmenistana geldi

BT
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry (Surat: Ermenistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan 8-nji oktýabrda iki günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Nikol Paşinýany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Saparyň dowamynda Ermenistanyň Premýer-ministri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022