Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary bilelikdäki geljegi uly taslamalary maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary bilelikdäki geljegi uly taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň duşuşygy, Awaza, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry (Surat: “Akorda”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, şeýle hem bilelikdäki energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlarda geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw gatnaşyklaryna esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda oňyn ösüş depginini nygtap, aýratyn-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga üns berildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda öňümizde geçiriljek bilelikdäki çäreleriň senenamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022
ENG TM РУС