Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Aleksandr Lukaşenkony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet Baştutanlary 2026-njy ýylda 35 ýyllygyny belleýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Aleksandr Lukaşenko GDA-nyň işiniň möhüm meseleleri, şeýle hem halkara birleşiginiň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary barada çykyş eder.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibine durmuş ösüşi we ýaşaýşyň hili, GDA ýurtlarynyň ulag arabaglanyşygy, maglumat we hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem-de taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak bilen bagly meseleler girizildi.

















