Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ikiçäk duşuşygyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň saparyny mübärekledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Nikol Paşinýan mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Ermenistanyň hökümetiniň syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.















