Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň Prezidenti söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyna garadylar

BT
Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň Prezidenti söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyna garadylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan. (Surat: Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Awazada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerini, şeýle hem türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk we strategik häsiýete eýedigini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Sadyr Žaparow gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine we iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022