Wladimir Putin iş sapary bilen Türkmenistana geldi

BT
Wladimir Putin iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana iş sapary bilen geldi. (Surat: Wladimir Smirnow, "TASS")

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine ýaly ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Russiýa Federasivasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde liderler Arkalaşyga agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynynyň geljekki ugurlaryny hem-de halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Hazar ekologiýa sammitiniň çäklerinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň, şol sanda Hazaryň suwunyň azalyp, çuňlugynyň peselmeginiň öňüni almak we onuň biologik baýlyklaryny gorap saklamak boýunça çäreleriň meselelerine gararlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Wladimir Putiniň Türkmenistanda bolýan döwründe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem ençemesiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Wladimir Putiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda duşuşmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022