Türkmenistanyň we Russiýanyň prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň we Russiýanyň prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan. (Surat: kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologik sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Russiýanyň Liderine minnetdarlyk bildirip, Awazada geçirilýän duşuşyklaryň sebit hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda hem-de özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde uly ähmiýe eýedigini belledi.

Wladimir Putin türkmen tarapyna myhmansöýerligi we çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklara, söwda-ykdysady aragatnaşyklara, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ýaly ugurlary öz içine alýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga üns berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin biri-birine berk jan saglyk we döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022