Türkmen režissýory Rahymberdi Annagulyýewiň "Atamdan galan" filmi GDA-a gatnaşyjy döwletleriň "Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 8-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ikinji orna Azerbaýjanyň režissýory we ssenaristi Mirsadyk Agazadäniň "Garabagyň altyn atlary" filmi, üçünji orna bolsa režissýor Temirbek Amanžoluň Gazagystanda surata düşüren "Ewa – batyr gyz" filmi mynasyp boldy.
Birinji orny eýelän türkmen filmi 7 müň ABŞ dollary möçberinde pul baýragyna, ikinji orna mynasyp bolan azerbaýjan filmi 5 müň ABŞ dollaryna, üçünji orny eýelän gazak filmi bolsa 3 müň ABŞ dollaryna eýe bolup, filmiň awtorlaryna ýörite heýkeljikler we hormatly diplomlar gowşuryldy.

"Iň gowy telewizion film" ugry boýunça baş baýrak režissýor Robert Fransewiň Russiýada surata düşüren "Ahalteke bedewi – milletiň genji-hazynasy" atly filmine berildi. Ýeňijä bäsleşigiň nyşany bolan ýörite ýadygärlik heýkeljigini, hormatly diplomy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan berlen 10 müň ABŞ dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Gyrgyzystanyň režissýory Nursultan Kadyrkul Uulynyň "Merkezi Aziýada iň uly – alaman" filmi emin agzalarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijä ýörite heýkeljik, bäsleşigiň diplomy we telewizor gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki režissýorlara hem telewizorlar berildi.
Bäsleşik Türkmenistan tarapyndan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edildi we ahalteke bedewlerine bagyşlandy.
Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda telewideniýäniň we kino sungatynyň ösüşine bagyşlanan metbugat maslahaty hem geçirildi. Gatnaşyjylar telewizion we maglumat materiallaryny alyşmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, žurnalistleriň hem-de degişli ugurlaryň hünärmenleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
















