"Tatar gyzy-2026" bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag gowşuryldy

BT
"Tatar gyzy-2026" bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulag gowşuryldy
"Tatar gyzy-2026" bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa (Özbegistan) Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşurylan "ZEEKR X9" kysymly awtoulagyň açarlary bilen, Awaza, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry. (Surat: Bütindünýä tatarlar kongresi)

"Tatar gyzy-2026" halkara bäsleşiginiň ýeňijisi, Özbegistandan Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan "ZEEKR X9" kysymly awtoulagyny sowgat aldy. Sylag gowşurylyş dabarasy 8-nji oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Bu barada bäsleşigiň guramaçysy bolan Bütindünýä tatarlar kongresi habar berýär.

Awtoulagyň açarlary Hazar deňziniň kenarynda geçirilen GDA ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň dowamynda gowşuryldy. Dabara GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gabatlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan geçirilen resmi kabul edişligiň çäklerinde boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bäsleşigiň jemleýji tapgyry 7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçirilip, baş baýrak ugrunda 12 gatnaşyjy bäsleşdi. Eminler topary olaryň döredijilik çykyşlaryna, tatar dilini bilşine, medeniýetine we däp-dessurlaryna baha berdi.

"Tatar gyzy" bäsleşiginiň düzgünlerine görä, jemleýji tapgyr öňki ýyl ýeňiji bolan gyzyň doglan ýurdunda ýa-da sebitinde geçirilýär. 2025-nji ýylda bu ada Daşoguzdan Alsu Rafikowa mynasyp bolup, Türkmenistan "Tatar gyzy" halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny şu ýyl ilkinji gezek kabul etdi.

2022