Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.
Dar düzümde geçirilen duşuşykda döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem 2027-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegiň Özbegistana geçirilmegi, Türkmenistanyň we ilkinji gezek Azerbaýjanyň bolsa Arkalaşygyň egindeş başlyklygy wezipesini ýerine ýetirmegi barada çözgüt kabul edildi.
Giňeldilen düzümde geçirilen sammitde "GDA+" formatyndaky duşuşyga ilkinji gezek gatnaşan Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýygnananlara ýüzlenip, gutlag sözlerini aýtdy. Duşuşyga, däp bolşy ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew hem synçy hökmünde gatnaşdy.
Döwlet Baştutanlary GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Beýannama kabul etdiler. Onda Arkalaşygy döretmek hakyndaky Ylalaşygyň we Almaty Jarnamasynyň halklaryň arasyndaky taryhy gatnaşyklary gorap saklamaga esas döredendigi, şeýle hem döwletleriň özygtyýarly deňligi ýörelgesine laýyklykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täze nusgasyna geçmäge mümkinçilik berendigi bellenilýär.
Mejlisiň dowamynda 2028-nji ýyly GDA-da "Durmuş taýdan ösüş we ýaşaýşyň hili ýyly" 2029-njy ýyly bolsa "Ulag arabaglanyşygy ýyly" diýip yglan etmek hakynda çözgütler kabul edildi. Birinji başlangyç Gyrgyzystanyň Zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministrligi tarapyndan öňe sürüldi. Ikinji başlangyjy bolsa Türkmenistan teklip etdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu teklibi ýurduň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda kesgitlenen maksatlara ýetmegiň logiki dowamy bolup durýar.
Şeýle hem GDA ýurtlarynda 2030-njy ýyldaky tapgyra degişli ilat ýazuwyny geçirmek barada ylalaşyldy. Hökümetlere Bütindünýä ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwlary maksatnamasyny goldamak tabşyryldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Tahir Iksanow, şeýle hem Arkalaşygy pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça alyp baran işleri üçin Demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiň Direksiýasynyň başlygy Wiktor Popow GDA-nyň Hormat haty bilen sylaglandylar.
GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda Buhara şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.



33451-495x4352.png)













