Serdar Berdimuhamedow Eýranyň we Belarusyň prezidentleri bilen duşuşdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň we Belarusyň prezidentleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde duşuşygy, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan. (Surat: IRNA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanlary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň döwlet Baştutanynyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian döwletara köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen geçirilen duşuşykda ulag, himiýa, nebitgaz we dokma senagatlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen ýaşlarynyň Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny belläp, iki ýurduň arasynda Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Türkmenistan bilen Belarusyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.

2022
ENG TM РУС