Türkmenistanda ilkinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi

BT
Türkmenistanda ilkinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi
Ilkinji Hazar ekologiýa sammitine gatnaşan döwlet Baştutanlary, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan. (Surat: “Akorda”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ilkinji Hazar ekologiýa sammiti 9-njy oktýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanlary sammiti geçirmek başlangyjy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň deňziň ekologik meselelerini, şol sanda suwunyň çekilmegini, ekoulgamynyň we biodürlüliginiň goralmagy bilen bagly meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýetini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hökümet baştutanlarynyň orunbasarlary derejesinde topar döretmek baradaky başlangyjy goldady. Bu toparyň wezipesi obýektiw ylmy maglumatlara esaslanyp, deňziň suwunyň çekilmegi bilen bagly ýaramaz hadysalara garşy göreşmek üçin ylalaşykly çäreleri işläp düzmekden we teklip etmekden ybarat bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti toparyň işini guramak maksady bilen, zerur wezipeleri gysga möhletde kesgitlemegi, şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň alymlarynyň, bilermenleriniň, hünärmenleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu teklipleri doly goldaýandygyny we toparyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýratyn belledi. Şeýle hem toparyň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi goldaýndygyny aýtdy.

Türkmenistan Hazar deňziniň suw baýlyklaryny gorap saklamak boýunça Döwletara maksatnamany işläp düzmek baradaky başlangyjy hem goldady. Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň bilelikdäki çäreleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa we Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa ýaly hereket edýän halkara ylalaşyklaryna, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň sammitlerinde gazanylan ylalaşyklara esaslanmalydygyny nygtady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary "Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň" çözgüdine gol çekdiler. Şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine başlyklyk etmegiň Beýannamasy kabul edildi.

2022
ENG TM РУС