Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Arçman” şypahanasyna awtoulaglar sowgat berildi

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Arçman” şypahanasyna awtoulaglar sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan "Arçman" şypahanasyna sowgat berlen awtoulaglar, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabry (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda "Arçman" şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şypahana sowgat berilýän awtoulagyň açarlaryny merkeziiň baş lukmanyna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Täze bejeriş merkezi öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, keselleri anyklamak we bejermek üçin niýetlenendir. Merkezde galwanik, fitowan¬na, SPA-kapsula, infragyzyl sauna, ozonoterapiýa, galoterapiýa, aeroionoterapiýa, parafin, UWÇ we şöhle arkaly bejergiler ýaly dürli bejeriş usullary ulanylýar. Şeýle hem iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini anyklamak üçin döwrebap enjamlar ornaşdyryldy.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde şypahananyň täze bejeriş merkezi lukmançylyk enjamlarynyň hilini, fizioterapiýa mümkinçiliklerini hem-de balneologiýa ugrundaky ylmy hyzmatdaşlygyny tassyklaýa birnäçe halkara şahadatnamalaryna eýe boldy. Halkara şahadatnamalar şypahananyň açylyşyna gatnaşýan “ASKIN & CO GmbH” we “Med-Lab-GmbH” kompaniýalarynyň Baş direktory, “H2S in Balneology Global Initiative” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti, “BTL Industries Limited” kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory tarapyndan gowşuryldy.

Halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС