Raşid Meredow Özbegistana saparynyň çäginde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

BT
Raşid Meredow Özbegistana saparynyň çäginde Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabry (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “C5+1” formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana saparynyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň başynda Raşid Meredow Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Şeýle hem taraplar sebitdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar ähli derejelerdäki gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze gural hökmünde Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň döredilmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň we ýük daşamalarynyň möçberleriniň yzygiderli artýandygy, “Şawat — Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň üstünlikli hereket edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda durmuşa geçirmegiň, üçünji Sebitara forumyna, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerine düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022