Türkmenistanyň Prezidenti harby toplumyň açylyşyna gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti harby toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Täze öýüň açarlaryny alan harby gullukçy N. Kowusowyň maşgalasy bilen döwlet Baştutanynyň ýadygärlik surata düşmegi (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda ýurduň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Täze toplumda esgerler üçin ýatakhanalar, naharhana, lukmançylyk nokady, sport desgalary hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen 96 öýli iki sany ýaşaýyş jaýy bar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Täze binalar we desgalar toplumynyň düzümine dolandyryş binasy, harby türgenleşikler üçin päsgelçilik ýodasy, awtoulag duralgasy, şeýle hem hojalyk we durmuş maksatly desgalar girýär. Döwlet Baştutany toplumyň dolandyryş binasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryndaky döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Harby gullukçylardyr olaryň maşgala agzalary üçin jemi 96 hojalyga niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde çagalar meýdançasy, dükan, sadaka jaýy we awtoulag duralgasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaýlarynyň birine göçüp gelen harby gullukçy N. Kowusowa täze jaýyň açaryny gowşurdy we onuň maşgalasy bilen söhbetdeş boldy. Harby gullukçylar üçin niýetlenen täze gurlan öýlerde ýyladyş we sowadyş ulgamlary ornaşdyrylyp, otaglar döwrebap mebeller bilen üpjün edilipdir.

Döwlet Baştutany harby bölümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen harby bölümiň zerurlyklary üçin peýdalanylýan täze awtoulaglaryň hem açarlaryny gowşurdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow esgerleriň ýatakhanalaryndaky, lukmançylyk bölümindäki we naharhanadaky şertler, şeýle hem harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmagy we boş wagtlaryny geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022