Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji oktýabrda Batumi şäherinde Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar hereket edýän ulag geçelgelerinden has netijeli peýdalanmak, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we konstruktiw dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Şol gün Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze ýurda gelen Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda resmi agşamlyk naharyny gurady. Gruziýanyň hökümet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Irakliý Kobahidze ministrlere sapary üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Gruziýanyň hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçiriler.















